Rowaýata öwrülen «Wolga» gaýdyp gelýär: önümçiligiň başlanjak wagty bellendi

MilliInfo

21 Sentýabr, 2025

«Wolga» haryt nyşanyny täzeden döretmek baradaky meýilnama ilkinji gezek 2022-nji ýylda yglan edilipdi. Önümçiliginiň 2024-nji ýylda başlanmagyna garaşylýardy, ýöne bu taslama käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

2024-nji ýylyň maýynda «Wolga» awtoulaglarynyň üç täze nusgasy görkezildi. Muňa garamazdan, görkezilen nusgalar dolulygyna diýen ýaly Hytaýyň «Changan» kompaniýasynyň (Raeton Plus, X5 Plus we Uni-Z) modellerini gaýtalaýardy we 188 at güýji bolan benzinli hereketlendiriji hem-de 7 basgançakly awtomatiki geçiriji bilen enjamlaşdyrylandy.

2025-nji ýylda «Changan» kompaniýasynyň taslamadan çykmagy sebäpli, önümçiligiň başlanylmagy başa barmady. Şol ýylyň güýzünde bolsa taslamanyň dowamyna «Geely» kompaniýasynyň goşulmagynyň mümkindigi barada habarlar peýda boldy, ýöne bu maglumat kompaniýanyň özi tarapyndan tassyk edilmedi.

Senagat we söwda ministri Denis Manturowuň aýtmagyna görä, «Wolga» awtoulaglarynyň önümçiliginiň täze başlanjak möhleti hökmünde 2026-njy ýylyň ýaz pasly bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info