Asman käriniň döreýşi: Moskwa — Aşgabat gatnawy awiasiýanyň taryhyna zer setirler bilen girdi

MilliInfo

Mundan 87 ýyl ozal Aşgabadyň adyny dünýä awiasiýasynyň taryhyna ebedi ýazan howa gatnawy amala aşyryldy. 1939-njy ýylyň 5-nji maýynda Moskwa — Türkmenistanyň paýtagty ugry boýunça uçýan «PS-84» kysymly uçaryň bortunda taryhy waka bolup geçdi: ýolagçylara ilkinji gezek bort ýolbeledi (stýuardessa) hyzmat etdi. Bu raýat awiasiýasynyň tejribesinde bolup geçen ilkinji wakadyr.

Täze hünäriň düýbüni tutujy 20 ýaşly moskwaly Elza Gorodeskaýa boldy. Häzirki günde hiç bir uçuşy şonsuz göz öňüne getirip bolmaýan bu asylly işiň taryhy hut şol zenan bilen başlandy. Geçmişiň tehnologiýalaryny häzirki zaman bilen deňeşdirmek örän gyzyklydyr: şol ýyllarda Moskwa — Aşgabat gatnawy doly 13 sagada çekipdir we uçuş wagtynda uçaryň iki gezek aralyk gonuşy amala aşyrmagy zerur bolupdyr. Şu gün Elza Gorodeskaýanyň ýoluny dowam etdirýän müňlerçe hünärmen dünýäniň dürli künjeklerinde her gün ýolagçylaryň howpsuzlygy we rahatlygy barada alada edip, özleriniň asylly wezipelerini berjaý edýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info