Rumyniýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

MilliInfo

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharest şäherindäki Milli ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi.

Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahata diplomatlar, Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy jemgyýetçiligiň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler häzirki döwrüň şertlerinde bitaraplyk temasynyň ähmiýetini, onuň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ornuny nygtadylar. Maslahatda giriş sözi bilen çykyş eden uniwersitetiň rektory, professor Mihneýa Kostoiu Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesidigini hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini tassyklady.

Türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesi taslamasyna, şeýle hem energetika, sanly tehnologiýalar we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Maslahat milli mirasymyzyň baýlygyny myhmanlaryň has ýakyndan tanamagyna mümkinçilik döreden sergi we milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen jemlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo