Rus hünärmenleri türkmen pedagoglary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary geçýärler

MilliInfo

22 Oktýabr, 2025

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň döwrebap binasynda ýurdumyzyň pedagoglary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar başlandy. Bu usuly-amaly okuwlar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyý Çelny Döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmaklarynda geçirilýär. 

Okuwlar Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäginde guraldy. A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde russiýaly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän Türkmenistanyň pedagoglary üçin usuly-amaly okuwlar dabaraly açylyşdan başlandy. Dabarada myhmanlar we ýurdumyzyň pedagogik işgärleri bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ý.S.Zaýsewa hem gatnaşdy we gutlag sözi bilen çykyş etdi.  

Usuly-amaly okuwlar görkezilen ugurlar boýunça guraldy:

  • 1. Umumybilim edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň inklýuziw okuwy.

  • 2. Häzirki zaman şertlerinde umumybilim edaralarynda bilimiň hiliniň bahalandyrylyşy.

  • 3. Ýokary okuw mekdebiniň psihologiýasy we pedagogikasy.

  • 4. Mekdep okuwçylarynyň taslama we ylmy-gözleg işleri.

  • 5. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň tebigy-ylmy sowatlylygynyň kemala getirilişi we bahalandyrylyşy.

  • 6. Mugallymyň işinde häzirki zamanyň sanly gurallary.

Usuly-amaly okuwlar 72 sagat dowam eder. Oňa pedagoglaryň 300-e golaýy gatnaşýar.

Russiýaly tejribeli hünärmenleriň alyp barmaklarynda türkmenistanly pedagoglar üçin guralan bu gezekki hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary üstünlikli tamamlan bilim işgärlerine halkara nusgadaky şahadatnamalar gowşurylar. 

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo