Russiýanyň mekdeplerinde emeli aňyň esaslaryna we sanly howpsuzlyga bagyşlanan sapaklar peýda bolar. Prezident Wladimir Putiniň tabşyrygy boýunça synag taslamasyna Moskwa oblastynda badalga alýar. Maksatnamalar federal bilim standartlaryna goşular we olar tejribe ýumuşlaryndan — generatiw modeller bilen işlemekden başlap, maglumatlaryň seljermesine we maşyn okuwlaryna çenli ugurlary öz içine alar.
Kiberhowpsuzlyga aýratyn üns berler: okuwçylara aldawçylary we fişingi nädip tanamalydygy, gizlin maglumatlary bermezlik we onlaýn-hyzmatlardan howpsuz peýdalanmak düşündiriler. Sapaklar ýetginjeklere sanly gurşawda öz maglumatlaryny goramagyň başlangyç ukyplaryny kemala getirmäge kömek eder.
Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin mugallymlar goşmaça okuwdan başlamaly bolarlar, mekdepler bolsa zerur tehniki binýat bilen üpjün ediler. «Kasperskiý laboratoriýasynyň» maglumatlaryna görä, 10 ýaşdan uly okuwçylaryň eýýäm dörtden bir bölegi neýroulgamlary ulanýar, emma olaryň köpüsi sanly dünýäniň howplaryna pes derejede düşünýärler.