Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetlerinde okamak üçin arzalar kabul edilýär

MilliInfo

1 Oktýabr, 2025

15-nji sentýabrdan Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetlerinde okamak boýunça ýurduň Hökümeti tarapyndan hödürlenýän orunlar üçin arzalar kabul edilip başlandy. Bu barada Rus öýi Telegram sahypasynda habar berdi.

Kabul ediş topary hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin Rus öýi (https://rs.gov.ru/kontakty/predstavitelstva-za-rubezhom/represents-with-map/) ýa-da Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Dalaşgärler «education-in-russia.com» portaly boýunça bellige aldyrmalydyr.

Rus öýüniň Telegram sahypasynda bu ugurda iň köp berilýän sowallar boýunça jogaplar hödürlenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo