23-nji awgustdan Russiýada daşary ýurt raýatlaryna elektron wizalaryny bermegiň kadalary güýje girdi. Şunlukda, daşary ýurt raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynyň elektron wizalarynyň möhleti hem, wiza boýunça döwletde bolmagyň möhleti-de iki esse uzaldyldy. Indi daşary ýurt raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynyň elektron wizalarynyň möhleti 120 güne, wiza boýunça döwletde bolmagyň möhleti 30 güne ýetirildi.
Şu wagta çenli elektron wizanyň güýji 60 gün, wiza boýunça döwletde bolmagyň möhleti bolsa 16 gündi.
«РИА Новости» tarapyndan berlen habarda bellenilşi ýaly, bu üýtgeşmeler has köp syýahatçyny, şeýle hem işewürlik, ynsanperwerlik ýa-da myhmançylyk maksatly gelýän daşary ýurt raýatlaryny özüne çeker. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň degişli bölümi täze düzgünleriň migrasiýa gözegçilik derejesine we ýurduň howpsuzlygyna täsir etmejekdigini tassyklaýar.
Prezident Wladimir Putin bu kanuna 23-nji iýulda gol çekipdi. Elektron wizalaryň Russiýanyň hökümeti tarapyndan tassyklanan 64 döwletiň raýatlaryna elýeterlidigini bellemek gerek. 2024-nji ýylyň dekabrynda bu sanaw Türkmenistan, Butan, Zimbabwe we beýlekiler ýurtlar bilen artdyryldy.