Media dünýäsinde özüňiz hakynda yglan etmek isleýäňizmi? Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti (https://t.me/RUDNstudentslife) Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim we ylymlar ministrliginiň (https://t.me/s/minobrnaukiofficial) goldawy esasynda «Birigünki bilim» («Образование послезавтра») atly žurnalistiki işleriň halkara bäsleşigine badalga berýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda ýaşaýan, ýöne Russiýanyň raýaty bolmadyk 18—35 ýaş aralygyndaky ýaşlar çagyrylýar. Talyplar, žurnalistler, blogerler, politologlar — garaz, öz geljegini mediada, bilimde hem-de medeniýetde görýän şahslar özlerini synap bilerler.
Gatnaşyjylara nämeler garaşýar:
halkara bilermenleri bilen onlaýn-mekdep (iňlis dilinde)
Russiýa we onuň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşlyk
şahsy media taslamalaryny döretmek
Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinde okamak üçin granlary utmak mümkinçiligi
Tapgyrlar:
Arza bermek — 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryna çenli
Onlaýn-mekdep — 2025-nji ýylyň sentýabr — oktýabr aýlary
Moskwada boljak final — 2025-nji ýylyň noýabry
Has giňişleýin maglumat almak we hasaba aldyrmak üçin şu saýtdan peýdalanyp bilersiňiz: https://newdayeducation.ru/
Eger-de, sowallaryňyz galan bolsa şu salga ýazyp bilersiňiz: newdayeducation2025@gmail.com