Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 31-nji dekabrdan 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwaryna çenli raýatlaryň kabul edilmeýändigini habar berdi

MilliInfo

22 sagat öň

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde raýatlary kabul etmegiň tertibi boýunça bildiriş berdi. Bildiriş ilçihananyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Şunlukda, ilçihananyň konsullyk bölümi 31-nji dekabrdan 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary aralygynda raýatlary kabul etmeýändigini habar berdi.

«Täze ýylyň hem-de Roždestwonyň baýram edilmegi mynasybetli ilçihananyň konsullyk bölüminde 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary aralygynda raýatlary kabul etmek amala aşyrylmaýar» — diýlip, degişli bildirişde aýdylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info