Aşgabatdaky Rus öýi geljekki saglyk işgärlerini we dalaşgärleri russiýaly lukmanlar bilen duşuşyga çagyrýar

MilliInfo

9 sagat öň

10-njy noýabrda Aşgabatdaky Rus öýünde «Миссия Добро» halkara taslamasynyň çäginde türkmen paýtagtyna gelen rus lukmanlary bilen duşuşyk geçiriler.

Munuň özi lukmançylyk bilen gyzyklanýanlaryň, geljekde durmuşyny şu ugur bilen baglamagy meýilleşdirýänleriň ýa-da Russiýanyň lukmançylyk uniwersitetlerine girmäge taýýarlanýanlaryň ählisi üçin uly mümkinçilikdir.

Gatnaşyjylar tejribeli lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, olara özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler, lukmançylyk hünäriniň we biliminiň inçe aýratynlyklary barada maglumat alarlar hem-de hakyky hünärmenleriň tejribesinden gyzykly wakalary diňlemek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Missiýa gatnaşýan hünärmenleriň hatarynda:

Şuguşew Zaurbek Hasanowiç — professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, kardiohirirg;

Çeremuşkin Sergeý Wiktorowiç — lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, lukman-terapewt, A.I.Ew­doki­mow adyndaky Moskwa Döwlet lukmançylyk we stomatologiýa uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy we gastroenterologiýa kafedrasynyň dosenti;

Weliýew Kamil Sawinowiç — lukman-hirurg;

Dawydenko Natalýa Leonidowna — ýokary derejeli akuşer-ginekolog lukman;

Dawydowa Larisa Aleksandrowna — lukman-newrolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty;

Balakina Ýuliýa Sergeýewna — «Russiýanyň Demirýollary» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Merkezi saglygy goraýyş direksiýasynyň lukmançylyk öňüni alyş we sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça baş inspektory bar.

Deslapky ýazylyşyk hökmanydyr: otdel_tm@mail.ru

Başlanýan wagty — 16:30.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo