Aşgabatdaky Rus öýi «Öz bagtly bilezigiňi ýasa» atly döredijilik ussatlyk sapagyny yglan etdi

MilliInfo

2 sagat öň

Aşgabatdaky Rus öýi «Öz bagtly bilezigiňi ýasa» atly döredijilik ussatlyk sapagyny yglan etdi

Aşgabatdaky Rus öýi «Öz bagtly bilezigiňi ýasa» atly döredijilik ussatlyk sapagyny geçirer.

Guramaçylar 26-njy iýunda isleg bildirýänleriň hemmesini özboluşly şaý-sepi öz elleri bilen ýasamaga mümkinçilik berjek täsirli ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çygyrýarlar. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar tebigy daşlaryň manysy bilen tanyşdyrylar we olara minerallary anyk isleglere, maksatlara hem-de göwün-islegine görä nähili dogry saýlamalydygy barada gürrüňler berler.

Çäre döredijilik işini we dostlukly gurşawda gürrüňdeş bolup, wagtyňy hoş geçirmek pursadyny özünde jemlär. Duşuşygyň netijesi bolsa her bir gatnaşyjynyň şahsy islegi boýunça ýasan özboluşly şaý-sepi bolar.

Çäre sagat 16:00-da başlanýar.

Ussatlyk sapagyna gatnaşmak üçin öňünden hasaba durmak hökmandyr. Ýüztutmalar otdel_tm@mail.ru elektron poçtasy arkaly kabul edilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info