Aşgabatdaky Rus öýi çeper okaýjylaryň «Добрый сказ» VIII Halkara bäsleşigine badalga berýär

MilliInfo

52 minut öň

Aşgabatdaky Rus öýi çeper okaýjylaryň «Добрый сказ» VIII Halkara bäsleşigine badalga berýär

Rus edebiýatynyň muşdaklaryna hem-de öz döredijilik zehinini halkara derejede görkezmek isleýänler niýetlenen çeper okaýjylaryň «Добрый сказ» VIII Halkara bäsleşigi başlanýar.

Bäsleşige Russiýanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan we 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabryna çenli kämillik ýaşyna ýeten ýaşlar (1991 — 2008-nji ýyllarda doglanlar) kabul edilýär. Bäsleşik synaglary iki topara bölünýär:

  • Professionallar: ýöriteleşdirilen teatr bilimi bolan ýa-da şeýle ugurda bilim alýan gatnaşyjylar (aktýorlar, režissýorlar we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplary) üçin niýetlenendir.

  • Höwesjeňler: teatr studiýalarynda we gurnaklarynda tälim alýanlar üçin niýetlenendir (ýolbaşçynyň maslahat hatynyň bolmagy hökmany şertdir).

Gatnaşmak isleýänler şu salgy boýunça bellige alynmaly hem-de rus dilindäki bir eseri (proza ýa-da şygyr görnüşinde) çeper okap, dowamlylygy 5 minuta çenli bolan wideoroligi taýýarlamalydyrlar. Çykyşlary aşakdaky ugurlaryň biri boýunça hödürläp bolar:

  • «Nusgawy edebiýatyň beýik wekilleri» (rus nusgawy eserleri);

  • «XX asyr» (XX asyryň awtorlarynyň döredijiligi);

  • «Iň täze edebiýat» (XXI asyryň eserleri).

Bellige alyş we döredijilik işlerini tabşyrmak 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabryna çenli (Moskwa wagty boýunça sagat 23:59-a çenli) amala aşyrylýar. Wideoýazgylary guramaçylaryň Dobr.skaz@yandex.com elektron poçtasyna ugratmaly.

Ýüzbe-ýüz tapgyra geçen 40 finalçynyň sanawy 20-nji oktýabra çenli Moskwa Ildeşler öýüniň resmi Telegram kanallarynda çap ediler.

Final tapgyry: ýüzbe-ýüz çykyşlar we okuw-bilim maksatnamasy 2026-njy ýylyň 20 — 25-nji noýabry aralygynda Minsk şäherinde (Belarus Respublikasy) geçiriler. Finalçylar eminler toparynyň öňünde çykyş ederler, şeýle hem sahna dili, sahna hereketi we aktýorlyk ussatlygy boýunça ýörite ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar.

Gatnaşmagyň giňişleýin şertleri we bäsleşigiň düzgünleri resmi Düzgünnamada beýan edilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info