Aşgabatdaky Rus öýünde Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçilikleri boýunça çäreler geçiriler

MilliInfo

24 Oktýabr, 2025

27-nji oktýabr — 31-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky Rus öýünde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik boýunça giňişleýin maglumatlary almaga mümkinçilik berýän duşuşyklar, geňeşmeler we onlaýn wideomaslahatlar geçiriler.

Kwota bölüminiň hünärmenleri bilen şahsy maslahatlar görkezilen senelerde geçiriler:

  • 27-nji oktýabr — 14:00 we 16:00

  • 28-nji oktýabr — 14:00 we 16:00

  • 30-njy oktýabr — 14:00 we 16:00

Bu maslahatlar gatnaşyjylara ýörite mümkinçilikler (kwotalar) boýunça okuwlara girmegiň ähli tapgyrlary — arzanyň doldurylmagy, resminamalaryň taýýarlanylmagy we möhletler bilen tanyşmaga kömek eder.

28-nji oktýabrda sagat 17:00-da Russiýanyň Milli gözleg ýadro uniwersiteti MIFI (Moskwanyň inžener-fiziki instituty) bilen wideomaslahat geçiriler. Uniwersitetiň wekilleri okuw maksatnamalary, taýýarlyk ugurlary we talyplaryň durmuşy barada gürrüň bererler. Gatnaşyjylar sowallar bilen ýüzleniň, MIFI-niň kabul ediş şertleri barada giňişleýin maglumat alyp bilerler.

29-njy oktýabrda sagat 17:00-da «2026 – 2027-nji okuw ýyly üçin RF-niň Hökümetiniň mümkinçiligi boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak» atly seminar geçiriler. Bu ýerde okuw mümkinçilikleri, hünär ugurlary we ýörite kwota arkaly okuwa girmegiň artykmaçlyklary barada maglumat berler.

Ähli çäreler üçin öňünden ýazylmak hökmanydyr! Orunlar çäkli. Ýazylmak üçin görekezilen salgy boýunça hat ýollanylmaly: otdel_tm@mail.ru

Ýanyňyz getirmeli resminamalaryňyz:

1.     Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty (eger ýok bolsa içerki pasport)

2.     Eger, iki raýatlygyňyz bar bolsa görkezilen resminamalaryňyz:

  • Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty

  • Russiýanyň daşary ýurt pasporty

  • Türkmenistanyň içerki pasporty

3.     Okuw baradaky şahadatnamaňyz, attestat ýa-da diplom

Aşgabatdaky Rus öýüniň salgysy: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 11.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo