Aşgabatdaky Rus öýi aprel aýynda geçirjek çäreleriniň maksatnamasyny hödürledi

MilliInfo

Aşgabatdaky Rus öýi 2026-njy ýylyň aprel aýy üçin medeni-bilim çäreleriniň meýilnamasyny çap etdi. Şeýlelikde, çagalar, mekdep okuwçylary, dalaşgärler we ene-atalar bu çärelere gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu aý üçin bilim sapaklaryny, döredijilik ussatlyk okuwlaryny, intellektual wiktorinalary we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşyklary öz içine alýan dürli maksatnama taýýarlandy.

2-nji aprel (penşenbe)

  • 16:30–18:00 — «Rus dilinde ýönekeý, ynamly we erkin gürle!» atly rus dili boýunça umumy sapaklar tapgyry we amaly okuw.

3-nji aprel (anna)

  • 17:00–18:00 — Bütindünýä ýaşlar festiwalyna bagyşlanan maglumat-bilim beriş duşuşygy.

6-njy aprel (duşenbe)

  • 17:00–18:00 — Maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça bilim sapagy.

7-nji aprel (sişenbe)

  • 17:00–18:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak.

  • 17:00–18:00 — N.E.Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehniki uniwersitetine okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar güni» (onlaýn).

8-nji aprel (çarşenbe)

  • 17:00–18:30 — «Pasha sowgady» (Пасхальный сувенир) atly döredijilik ussatlyk sapagy.

9-njy aprel (penşenbe)

  • 16:30–18:00 — «Rus dilinde ýönekeý, ynamly we erkin gürle!» atly rus dili boýunça umumy sapaklar tapgyry we amaly okuw.

  • 16:30–17:30 — «Ýyldyzly diktant: «Gitdik!» – 2026» atly halkara ylmy-bilim çäresi.

10-njy aprel (anna)

  • 16:00–18:00 — Kosmonawtika gününe we adamyň äleme ilkinji uçuşynyň 65 ýyllygyna bagyşlanan çäreler:

    • Ýu.A.Gagariniň ýadygärligine gül goýmak;

    • Döredijilik ussatlyk sapagy;

    • Intellektual wiktorina.

14-nji aprel (sişenbe)

  • 17:00–18:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak.

  • 17:00–18:00 — W.N.Tatişşew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetine okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar güni» (onlaýn).

15-nji aprel (çarşenbe)

  • 17:00–18:00 — N.S.Gumilýowyň doglan gününiň 140 ýyllygyna bagyşlanan edebi-sazly agşam.

16-njy aprel (penşenbe)

  • 16:30–18:00 — «Rus dilinde ýönekeý, ynamly we erkin gürle!» atly rus dili boýunça umumy sapaklar tapgyry we amaly okuw.

17-nji aprel (anna)

  • 17:00–18:00 — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanan intellektual wiktorina.

21-nji aprel (sişenbe)

  • 17:00–18:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak (Ýaş çägi: 7+).

  • 17:00–18:00 — Döwlet bilim uniwersitetine (Государственный университет просвещения) okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar güni» (onlaýn).

22-nji aprel (çarşenbe)

  • 17:00–18:00 — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanan «Ýeňiş nury» atly umumy maslahatlaşma.

23-nji aprel (penşenbe)

  • 16:30–18:00 — «Rus dilinde ýönekeý, ynamly we erkin gürle!» atly rus dili boýunça umumy sapaklar tapgyry we amaly okuw.

  • 18:00–19:00 — S.S.Prokofýewiň 135 ýyllygyna bagyşlanan sazly agşam.

24-nji aprel (anna)

  • 18:00–19:00 — Beýik Watançylyk urşunyň wakalaryna bagyşlanan «Ýeňiş diktanty» atly halkara taryhy diktant.

28-nji aprel (sişenbe)

  • 17:00–18:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak (Ýaş çägi: 7+).

  • 17:00–18:00 — Ýugra döwlet uniwersitetine okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar güni» (onlaýn).

29-njy aprel (çarşenbe)

  • 17:00–18:00 — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanan döredijilik ussatlyk sapagy.

30-njy aprel (penşenbe)

  • 16:30–18:00 — «Rus dilinde ýönekeý, ynamly we erkin gürle!» atly rus dili boýunça umumy sapaklar tapgyry we amaly okuw.

Çärelere gatnaşmak üçin öňünden ýazylyşmak hökmandyr: otdel_tm@mail.ru

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info