24-nji oktýabrda Aşgabatdaky Rus öýünde ylma we tehnologiýalara bagyşlanan toparlaýyn intellektual (aň-paýhas) oýny guralar. Bu barada «t.me/asgabatrus» sahypasynda habar berildi.
«Kwiz» — bu intellektual we gyzykly oýun görnüşidir. Has takygy, oýunçylaryň sowallara jogap bermegi bilen bilen utgaşdyrylýan wiktorina görnüşindäki bäsleşikdir.
Toparlaýyn intellektual oýunlar dostlar ýa-da täze tanyşlar bilen wagt geçirmek üçin özboluşly usuldyr. Bu oýun zehiniňi görkezmäge we dünýägaraýşyňy giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Ýazylmak üçin otdel_tm@mail.ru elektron poçtasy boýunça ýüz tutup bilersiňiz!
Orunlaryň sany çäkli. Toparlar bäş adamdan ybarat bolar. Öz toparyňyz bilen gelip ýa-da täze orun üçin goşulyp bilersiňiz.
Gatnaşyjylaryň umumy sany — 50, bäsleşigiň başlanýan wagty — 8:00.
Täze duýgular, açyşlar, tanyşlyklardyr başdangeçirmeler üçin bäsleşige goşulmagy unutmaň!

