Rus öýi «Позитив» baýramçylyklar agentligi bilen bilelikde «Saglyk • energiýa • ylham» şygary astynda «Saglyk planetasy» atly maşgala maksatnamasyny guraýar.
Çäre 28-nji awgustda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli Hazar deňziniň kenarynda — «Hazar» myhmanhanasynyň çäginde geçiriler.
Maksatnamanyň çäginde dürli sport we sagaldyş çäreleri meýilleşdirildi:
Sport we fitnes: ýoga we beden maşklary, suw gimnastikasy, workaut, sambo sapaklary, basketbol we badminton.
Güýmenje we dynç alyş: deňiz kenaryndaky oýunlar, çagalar we ulular üçin gyzykly çäreler.
Aň-bilim we ideg: sagdyn durmuş ýörelgesi barada peýdaly sapaklar we treningler, fito-burç, şeýle-de özüňe we töweregiňdiklere ideg etmäge bagyşlanan maksatnamalar.
Maksatnama ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin niýetlenendir we maşgala bolup dynç almaga gönükdirilendir.
