Rustam Minnihanow «Kazan Halal Market» ýarmarkasynda Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi

MilliInfo

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» forumynyň çäklerinde 12–17-nji maý aralygynda Kazanda geçirilýän halal önümleriniň halkara ýarmarkasynda Türkmenistanyň sergi bölümi bilen tanyşdy.

Russiýanyň we daşary ýurtlaryň 9-synyň 100-e golaý kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan dünýäniň «halal» standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan önümleriniň uly toplumyny özünde jemleýän diwarlygyny görkezdi.

Rustam Minnihanow özüniň sosial ulgamlardaky hasaplarynda türkmen önümleriniň hiline we serginiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Ýerli telekeçileriň bu abraýly ykdysady foruma gatnaşmagy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek we türkmen biznesiniň eksport gerimini giňeltmek ugrunda strategik ädim hökmünde garalýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info