«S7 Airlines» awiakompaniýasy 16-njy dekabrdan Aşgabat — Moskwa ugry boýunça uçuşlaryny artdyrýar. Şeýlelikde, häzire çenli 7 gezek amala aşyrylan uçuşlaryň sany 9-a ýetirilýär. Awiakompaniýanyň awiapetekleriniň Türkmenistandaky satuwy boýunça resmi wekili bolan «DN Turs» tarapyndan berilýän habarda aýdylşy ýaly, goşmaça iki gatnaw 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli amala aşyrylar.
Has takygy, Aşgabat — Moskwa — Aşgabat gündelik gatnawlaryndan başga-da, hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri goşmaça iki uçuş guralar.
Ýeri gelende bellesek «S7 Airlines» 2008-nji ýyldan bäri Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlary amala aşyryp gelýär.
