Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama we şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmakda diýseň möhüm ähmiýete eýedir.
