Saglygy goraýyş maksatly binalarynyň düýbi tutuldy we täze saglyk öýi hem-de hassahana ulanmaga berildi

MilliInfo

11 Oktýabr, 2025

Düýn — 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bar.

500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni tutmak dabarasynda aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Soňra çykyşlara orun berildi. Dabaranyň esasy pursatlaryna orun berildi: ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde bolsa 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan beýik işler wasp edildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam etdi. Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagyndan soň täze merkeziň düýbi tutuldy.

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Garadaşaýak» ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saglygy goraýyş işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ýygnananlar medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap saglyk öýleri ilatyň saglygyna yzygiderli lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmakda, keselleriň öňüni almakda, gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde, saglyk babatda adamlar bilen saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň başynda Mary welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady.

Soňra dabara gatnaşyjylar Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Döwrebap saglyk merkezi 9 gektara golaý çäkde ýerleşip, onuň gurluşygy «Hil Merkez» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Toplum ululy-kiçili desgalaryň 17-sini özünde jemläp, onda kabul ediş, maslahat beriş-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, bakteriologiýa, barlaghana, I-öýken, II-öýken, III-öýken, hirurgiýa, süňk-bogun, çagalar, anesteziologiýa we reanimasiýa, şypahana, dispanser, dolandyryş we hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölümleri hereket edýär.

Umuman, şol günki dabaralar ýurdumyzda kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo