Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi guraldy.
Sergide halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna, kinofilmlere, multfilmlere, pýesalara bagyşlanan taslamalary, nakgaşçylyk we grafika eserleri görkezildi. Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Görogly», «Hasan han», Annadurdy Almämmedowyň «Ajaýyp tebip», «Ene topragym», «Aýly gijäniň garaňkylygy», Haky Allaberdiýewiň «Mollanepes», «Magtym Işan», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyş», Annageldi Kulyýewiň «Kemine we Kazy», «Magtymguly» (opera), «Hyjuwly ýürek», «Aýna» (opera) ýaly birnäçe ajaýyp eserlerini belläp bileris. Şeýle hem, sahna bezegi diňe bir taslama bezegi bolman, aktýoryň sahna durmuşy bilen sazlaşykly ösýän bütewilikdir. Şoňa görä-de, döwrebap türkmen teatrynda bezeg sungaty, režissýorlyk çözgüdi we aktýorlyk ussatlygy özara baglanyşykda bolup, olar bitewi bir ulgama öwrülýär.
