Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ajaýyp konserti geçirildi.
Gaýtalanmajak döredijilik agşamy, esasan hem, iki ýaş estrada ýyldyzynyň Ogulgerek Soltanmyradowa bilen Munisa Hudaýbergenowanyň üýtgeşik ses tembri bilen diňleýjileriň ýadynda galdy. Şeýle hem orkestriň ussat sazandalary saksofonçy Şirhan Batyrow we wiolonçelçi Annaoraz Döwletow özleriniň ýokary derejeli ýerine ýetirijilik başarnyklary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp boldular.
Konsert maksatnamasynyň iň täsirli bölegi Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýerine ýetiren «Gyz» aýdymy boldy. Nury Halmämmedowyň giň ses çäklerine niýetlenen sazly döredijiligi bu aýdymy aýratyn belent derejä çykardy. Bu babatda Atajan Berdiýew deňi-taýy bolmadyk ussatlygyny görkezdi. Ol aýdymyň jemleýji sözlerini şeýle bir uzaltdy welin, tomaşaçylar aýdymyň soňuna garaşman, öňünden el çarpyp başladylar. Bu çykyş kompozitoryň, aýdymçynyň we sazandalaryň bilelikdäki döredijilik ýeňşi boldy. Diňleýjiler hem bu täsirli çykyşyny ýokary derejede bahaladylar.
«Isyan» türki halk aýdymy belent derejede ýerine ýetiren Ogulgerek Soltanmyradowyň çykyşy has-da täsirli boldy. Oňa türki halk saz guraly baglama bilen sazanda Serdar Jumamyradow ýoldaşlyk etdi. Sahna ussatlarynyň ikisi hem tomaşaçylarda unudylmajak täsir galdyrdy. Ogulgerek Soltanmyradowa çykyşy tamamlanandan soň, tomaşaçylara baş egip hormat goýdy, emma sahnadan gitmän, orkestriň düzümine geçdi. Ogulgerek Soltanmyradowa Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň skripkaçysy.
Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa hem çykyş etdi. Ol iki söýýän ýüregiň arasyndaky duýgulary, mähirli garaýyşlaryň çuňlugyny belent derejede beýan etmek ukybyny görkezip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Konsert maksatnamasy türkmen aýdym-saz eserlerini, şeýle hem daşary ýurt estradasynyň meşhur aýdymlaryny öz içine aldy. Bu bolsa ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ädim boldy.

