21-22-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Çagalaryň abadançylygyna maýa goýumlar» atly bütindünýä sammitinde umumy geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bagtyýar geljegini, durnukly we adalatly ösüşini üpjün etmek bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» gazetinde beýan edilýär.
Sammitiň açylyş dabarasynda ýokary derejeli wekilleriň çykyşlarynda beýan edilen pikirler çagalaryň abadançylygy bilen bagly meselelere täzeçe seretmäge esas berdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň halkara foruma gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesindäki: «Haçan-da, biz çagalara serişde goýberenimizde, biz abadan geljege maýa goýýarys» diýen pikir soňraky edilen çykyşlarda has-da ösdürildi.
Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň (BSSG, ÝUNISEF), şeýle hem Bütindünýä bankynyň bilelikde guramagynda geçirilen sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meselelerdir öňe sürlen pikir-teklipler ösüp gelýän nesilleriň abadançylygy bilen bagly ugurlara has çuňňur seretmäge mümkinçilik berdi. Çagalaryň saglygyny goramakda adalatsyzlygy aradan aýyrmak, özleriniň geljegi bilen bagly çözgütleriň kabul edilmegine çagalaryň we ýetginjekleriň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, kanunlary, maksatnamalary, ösüş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda olaryň pikir-garaýyşlaryny göz öňünde tutmak sammitiň çäklerinde orta atylan esasy başlangyçlar boldy. Şeýle hem sanly ulgamyň ähmiýetiniň barha artýan şertlerinde çagalaryň internet giňişligindäki wehimlerden, oňaýsyz mazmunly maglumatlaryň ýaramaz täsirlerinden goralmagyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwletler tarapyndan IT kompaniýalar üçin berk kadalaşdyrmalaryň girizilmeginiň we maşgalalaryň sanly sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygy nygtaldy. Mümkinçiligi çäkli çagalaryň durmuşa uýgunlaşdyrylmagy we bilim almagy bilen bagly innowasion tejribeler paýlaşylyp, olaryň jemgyýetden üzňe ösmeli däldigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem häzirki döwürde bütin dünýäde 1 milliarda golaý çaganyň ekologiýa kynçylyklaryna sezewar bolmak howpy abanýan sebitlerde ýaşaýandygy bellenilip, olaryň abadançylygyna maýa goýumlary gönükdirmek bilen bagly çözgütler kabul edildi.
Çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan bütindünýä sammiti şeýle giň gerimde ilkinji gezek geçirilip, 100-den gowrak ýurtdan saglygy goraýyş, bilim we terbiýeçilik işgärleriniň, alymlaryň, ykdysatçylaryň, jemgyýetçilik düzümleriniňdir halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýüzlerçesini gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy hökmünde şöhrat gazanyp, häzirki döwürde sebitiň ösen diplomatik merkezleriniň biri bolan Samarkant şäherine jemledi. Sammit bilen utgaşykly geçirilen Çaga onkologiýasy boýunça II halkara maslahatda bolsa häzirki zamanyň saglygy goraýyş ulgamynyň iň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, olaryň oňyn çözgütleri bilen bagly tejribeler paýlaşyldy.
Ýokary işjeňlikde geçen plenar mejlisler, Özbegistan Respublikasynyň adam maýasyny ösdürmek ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerine bagyşlanan sergi, ilata, hususan-da, çagalara durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän merkezlere baryp görmek, gadymy şäheriň taryhy-medeni ýadygärliklerine guralan syýahatlar sammite gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Iki gün dowam eden maslahatlaryň netijesinde kabul edilen Samarkant jarnamasy bolsa diňe bir meýilleri aýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletleri degişli ugurdaky işleri berk meýilnamalaşdyrmaga, ykdysady şertleriň nähilidigine garamazdan, milli býujetlerdäki çykdajylaryň kesgitli bölegini çagalar üçin kömek pullaryna, saglygy goraýyş hyzmatlaryna, inklýuziw bilime gönükdirmäge çagyrýar.
