Sambo boýunça Dünýä Kubogy: türkmen pälwanlary 4 medala eýe boldular

MilliInfo
Sambo boýunça Dünýä Kubogy: türkmen pälwanlary 4 medala eýe boldular

19-20-nji sentýabrda Duşenbe şäheri sambo boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä kubogyny kabul etdi. Täjigistanyň paýtagty iki günüň dowamynda birbada üç ugur: sport sambosy, söweş sambosy hem-de görüş ukyby pes bolan türgenler üçin sambo boýunça bäsleşikleriň meýdançasyna öwrüldi. Türkmen samboçylary abraýly ýaryşy uly üstünlikler bilen jemlediler.

Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň birinji gününiň jemleri boýunça 19 agram derejesinde ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Şeýlelikde, 71 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykan ildeşimiz Sapar Döwletow bürünç medala eýe boldy.

Ýaryşyň ikinji gününde bolsa 88 kilogramda tutluşan zehinli pälwanymyz Abdylla Nazargeldiýew we 98 kg-den ýokary agramda söweş sambosyndan hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

Şol gün gyzlar toparymyzyň wekili has-da uly üstünlik gazanmagyň hötdesinden geldi. Sport sambosyndan 50 kilogram agramda bagtyny synan Ykbal Saparowa garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, sambo boýunça Danýä kubogynyň ýeňijisi boldy.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy, abraýly ýaryşyň 4 (1 altyn, 3 bürünç) medalyna eýe boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info