Düýn Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy tamamlandy. Bu şäherde ilkinji gezek geçirilen sambo boýunça abraýly ýaryş 10 ýurtdan 180 türgeni bir ýere jemledi.
Ýaryş türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Ildeşlerimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasyny abraýly ýaryşyň 11 medaly bilen baýlaşdyrdylar. Şolaryň dördüsi altyn, üçüsi kümüş, ýene dördüsi bolsa bürünç medallardyr.
Ildeşlerimiziň medallarynyň uly bölegi söweş sambosy boýunça gazanyldy. Medine Aýdogdyýewa (söweş sambosy, 59 kg çenli agram), Zyba Orunowa (söweş sambosy, 65 kg çenli), Ahmet Taňryberdiýew (söweş sambosy, 58 kg çenli) hem-de Isa Arslanow (söweş sambosy, 71 kg çenli) dagy hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Aminat Guwanjowa (sport sambosy, 50 kg çenli), Gülzada Jorakulyýewa (sport sambosy, 72 kg çenli) hem-de Sanjarbek Öwezberdiýew (söweş sambosy,64 kg çenli) kümüş medallara eýe boldular. Jemal Öwlýagulyýewa (söweş sambosy, 65 kg çenli), Seýdulla Akmämmedow (söweş sambosy, 64 kg çenli), Annageldi Annasähedow (sport sambosy, 88 kg çenli) we Abdulla Nazargeldiýew (söweş sambosy, 88 kg çenli) dagy bolsa bürünç medallaryň eýeleri hökmünde bellige alyndy.




