Gresiýanyň Saloniki şäheriniň «PAOK Sports Arena» sport arenasynda geçýän kadetleriň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky sambo boýunça dünýä birinjiligi türkmen türgenleriniň ajaýyp üstünliklerine beslenýär. Bäsleşikde jemi 55 medal toplumy ugrunda tutluşyklar alnyp barylýar.
Sport sambosy boýunça ýaryşlarda dünýäniň dürli döwletleriniň milli federasiýalarynyň wekilleri aşakdaky ýaş toparlarynda göreş düşekçesine çykdylar:
Kadetler (14–16 ýaş) — oglanlar we gyzlar;
Ýetginjekler (16–18 ýaş) — oglanlar we gyzlar;
Ýaşlar / ýuniýorlar (18–20 ýaş) — ýigitler we gyzlar.
Dünýä birinjiliginiň birinji gününde ýetginjekleriň ýaryşlaryna giň orun berildi. Şeýlelikde, ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler belli boldy. Şol gün ildeşlerimiziň ikisi hormat münberine çykmagyň hötdesinden geldiler. 64 kilogram agram derejesinde tutluşan Annamuhammet Annamuhammedow bürünç medala eýe çykdy. Ýene bir netije gyzlaryň ýaryşynda gazanyldy. 65 kg-de bäsleşen Jennet Hasanowa kümüş medala mynasyp boldy.
Ýaryşyň ikinji gününiň netijeleri boýunça ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasynda sport sambosy, şeýle-de erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça ýeňijiler hem-de baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Türkmen ýaşlary söweş sambosyndan uly üstünliklere eýe boldular. 58 kilogram agram derejesinde Alyhan Aýdogdyýew, 71 kg-de Yslam Hemraýew, 98 kg-de ýokary agramda Mälikberdi Begiýew dagy altyn medal gazandy. 64 kg-de Raul Jabrailow we 88 kg-de Welmyrat Nepesow kümüş medallara mynasyp boldular. 79 kg-de çykyş eden Döwrangeldi Kakabaýew bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.
Ýaryş şu gün — 4-nji oktýabrda tamamlanýar.
