Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynde üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz dünýä birinjiliginde medallaryň birnäçesini eýelemegi başardylar.
Sport sambosyndan 98 kilograma çenli agramda göreş düşekçesine çykan Guwanç Begaliýew dünýäniň wise-çempiony boldy.
Zenanlaryň arasynda söweş sambosy boýunça 54 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Madina Aýdogdyýewa kümüş, 65 kilogramda bäsleşen Zyba Orunowa bürünç medala mynasyp boldy. 80 kilogramdan ýokary agramda bolsa Sabina Agajanowa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Erkekleriň arasynda bolsa şol görnüşden 58 kilogram agramda tutluşan Hakberdi Jumaýew kümüş, 71 kilogram agramda bäsleşen Muminjan Arzikulow kümüş medal aldy. 88 kilogram agramda Abdylla Nazargeldiýew, 98 kilogram agramda Bezirgen Begenjow bürünç medal gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynyň umumy baýrak gaznasy 341 müň amerikan dollaryna deň bolup, ýaryşda altyn medal gazanan türgenlere 4 müň, kümüş medala mynasyp bolanlara 3 müň, bürünç medalyň eýelerine bolsa 2 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagy gowşuryldy.