Halkara Sambo federasiýasynyň resmi saýtynda sportuň şu görnüşinden täzelenen dünýä reýtingleri hödürlenildi. Şeýlelikde, türkmen samboçylarynyň üçüsi söweş sambosyndan bu sanawyň başynda ýerleşdi.
Reýting utuklaryny 1000-e ýetiren Ahmet Taňryberdiýew 12 basgançak öňe süýşüp, 58 kilograma çenli agramda reýtingiň başyna geçdi.
Ildeşimiz Sanjarbek Awezberdiýew bolsa 64 kilograma çenli agram derejesinde dünýä reýtinginiň birinji basgançagynda barýar. Ahyrky täzelenmede 9 orun öňe süýşen türkmenistanly pälwanyň reýting utuklary 1400-e barabardyr.
Abdylla Nazargeldiýew bolsa 800 reýting utugy bilen 88 kilograma çenli agramda dünýä reýginiň birinji ornuny özünde saklaýar. Ildeşimiz täzelenen reýtingde ýedi basgançak öňe süýşmegiň hötdesinden geldi.