Gündogar Aziýanyň iň beýik agajy

MilliInfo

11 Iýun, 2026

Gündogar Aziýanyň iň beýik agajy

Geçmişde Formoza ady bilen tanalýan Taýwanyň baryp bolmaýan daglarynyň jümmüşinde tebigatyň täsinligi gizlenip ýatyr. Bu ada Ýer ýüzünde boýy 80 metrden geçýän äpet agaçlaryň heniz hem saklanyp galan sanlyja ýerleriniň biridir.

2014-nji ýyldai «Taýwan agaçlaryny gözleýjiler» diýlip atlandyrylýan höwesjeňler topary bu äpet agaçlaryň gözlegine çykdy. Bu topar ekologlary we lazer skanirlemesi boýunça hünärmenleri özünde jemledi. Olaryň yhlasy netijesiz galmady: gözleýjiler häzirki wagtda tutuş Gündogar Aziýanyň iň beýik agajy hasaplanýan, boýy 84,1 metre ýetýän «Taýwan pihtasyny» tapmagy başardylar.

Taýwanyň özboluşly geografiýasy bu gadymy äpetleriň şu günlere çenli saklanyp galmagy üçin amatly şertleri döretdi. 1912-nji ýyldan 1991-nji ýyla çenli dowam eden senagat maksatly agaç çapylmagy netijesinde gadymy tokaýlaryň uly bölegi ýok edilen hem bolsa, agaç çapýanlar çuňňur jülgelere we dik gaýalyklara baryp bilmediler. Bu bolsa tebigy baýlyklaryň geljekki nesiller üçin goranyp galmagyna sebäp boldy.

Gözleg işleriniň resmi taryhy 2014-nji ýylda Dzilan goraghanasyndaky meşhur «Üç uýalar» diýlip atlandyrylýan pürli agaçlaryň ýerleşýän ýerine guralan ekspedisiýadan başlandy. Şol wagt ölçelen iň beýik agajyň boýy 69,3 metre ýetýärdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info