«Samsung Display» wideo görkezýän akylly linzalaryny tanyşdyrdy

MilliInfo

2 sagat öň

«Samsung Display» Los-Anjelesde geçirilen «Display Week» sergisinde özüniň täze tehnologiýasyny görkezdi: dury bolmagyna garamazdan, wideo görkezmäge ukyply tolkun geçiriji linzalar. Aslynda, gürrüň akylly äýnekler üçin niýetlenen linzalar barada barýar. Ulanyjylar olaryň üsti bilen «YouTube» platformasyndan wideolara tomaşa edip, dostlary bilen wideoaragatnaşyk saklap we başga-da köp sanly amallary ýerine ýetirip bilerler. Enjamyň durulygy 1280×1024 piksele, ýagtylygy bolsa 20 000 nitden gowraga deňdir.

Mälim bolşy ýaly, bu linzalarda «Samsung Display» kompaniýasynyň 2023-nji ýylda satyn alan «eMagin» kompaniýasynyň «OLED» displeýleri ulanylýar. Enjam tolkun geçiriji gurluş esasynda işleýär: mikrodispleýleriň özi gizlin ýerleşdirilip, wideo signalyny linzanyň gyralaryndan geçirýär, ýagtylyk bolsa ulanyjynyň gözüne kiçijik yşlar arkaly ugrukdyrylýar. Bu bolsa linzalaryň dury görünmegini üpjün edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info