«Samsung Galaxy A57» we «Galaxy A37» resmi taýdan tanyşdyryldy

MilliInfo

26 Mart, 2026

«Samsung» kompaniýasy «Galaxy A57» we «Galaxy A37» smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. Täze modeller özünden öňki nesilleriň dizaýn aýratynlyklaryny saklap galsa-da, gabaranyň has ýokary hilli materiallary, täze platformalar we emeli aň (AI) funksiýalary bilen tapawutlanýarlar. Kameralar ulgamynda bolsa ujypsyzja özgerişler bar. Täze smartfonlaryň satuwy 10-njy aprelde başlanar.

«Samsung Galaxy A57» modeliniň has kämil sowadyşy üpjün etmegi üçin onuň bug kamerasynyň göwrümi 13% ulaldyldy. Smartfon metal çarçuwa we IP68 standarty boýunça suwdan hem-de tozandan goraglylyga eýe boldy («Galaxy A56» modelinde bu görkeziji IP67-di).

«Galaxy A37» modeliniň gapdal çarçuwalary plastmassadan ýasaldy. Onuň gabarasynyň galyňlygy 6,9 mm, agramy bolsa 179 grama deňdir. «Galaxy A37-niň» ölçegleri bolsa degişlilikde 7,4 mm we 196 gram bolup durýar. Kiçi modelde hem IP68 derejesindäki gorag ulgamy bar.

Modelleriň ikisi hem «Full HD+» durulygyndaky we 120 Gs täzeleniş ýygylygyndaky 6,7 dýuýmlyk «Super AMOLED» ekranlar bilen üpjün edildi. Akumulýatorlaryň göwrümi 5000 mA/sag bolup, olar 45 Wt kuwwatyndaky simli zarýad berijini goldaýarlar. Batareýanyň 60 %-ni ýarym sagadyň içinde dolduryp bilýär.

Iki smartfonyň hem esasy kamerasy 50 MP, öňdäki kamerasy bolsa 12 MP durulygyndadyr. Ultra giň burçly modullarda bolsa tapawut bar: «Galaxy A57-de» bu görkeziji 12 MP, «Galaxy A37-de» bolsa 8 MP-e deňdir. Üçünji modul hökmünde bolsa makro surata düşürmek üçin 5 megapiksellik kamera ulanylýar.

«Galaxy A57» modeli birnäçe emeli aň funksiýalaryny, şol sanda «Best Face» ulgamynyň giňeldilen mümkinçiliklerini, wideony awtomatik kesmek üçin «Auto Trim» we kämilleşdirilen «Object Eraser» wezipelerini aldy. Şeýle-de ses ýazgylaryny tekst görnüşine geçirmek funksiýasy hem elýeterlidir. Smartfonlaryň ikisi-de «Android 16» esasyndaky «One UI 8.5» programmasynda işleýär we 6 ýyllap programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini alar.

Bahalar

Smartfonlaryň bahasy geçen ýylky modeller bilen deňeşdirilende, az-kem ýokarlandy:

  • «Galaxy A57» (8/128 GB) – 530 ýewro (geçen ýylky «Galaxy A56-dan» 50 ýewro ýokary).

  • «Galaxy A37» (6/128 GB) – 430 ýewro (geçen ýylky «Galaxy A36» modeline bolsa 380 ýewro baha kesilipdi).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info