«Samsung Galaxy S25 FE» resmi taýdan tanyşdyryldy

MilliInfo

6 Sentýabr, 2025

«Samsung» kompaniýasy täze «elýeterli flagmanyny» «Samsung Galaxy S25 FE» modelini tanyşdyrdy. Täze smartfonyň esasy aýratynlygy — onuň Android 16 operasion ulgamy esasynda işleýän «One UI 8» interfeýsi bilen gelmegi. «Galaxy S25, S25 Plus» we «S25 Ultra» modelleri entek diňe bu interfeýsiň beta-wersiýasy bilen üpjün edilýär. Täze model 7 ýyl dowamly täzelenme (update) goldawyna eýe bolar.

«Galaxy S25 FE» smartfony 4 nanometrlik Exynos 2400 prosessorynyň esasynda gurnalan. Ol 8 GB operatiw ýat we 512 GB-a çenli içki (fleş) ýat bilen üpjün edilen. Batareýasy 45 wattlyk çalt energiýa beriş ulgamyny goldaýar.

Täze modelde 6,7 dýuýmlyk Full HD+ ölçegdäki Dynamic AMOLED 2X ekrany ýerleşýär. Ekranyň täzelik derejesi 120 Hz, barmak yzlaryny tanatmak üçin skaner displeýiň astynda ýerleşýär. Ön kamerasynyň datçigi 12 megapikselli täze senzor bilen enjamlaşdyryldy.

Kamera

«Galaxy S25 FE-niň» arka kamerasynyň düzüminde üç modul bar:

  • Baş modul — 50 MP sensor, F/1.8 diafragma, OIS bilen (optiki stabilizasiýa);

  • Ikinji modul — 12 MP ultra-giň burçly kamera;

  • Üçünji modul — 8 MP sensor, F/2.4 diafragma bilen 3 esse optiki zoom mümkinçilikli kamera.

Täze smartfon Bluetooth 5.4 we Wi-Fi 6E adapterleri, şeýle-de birnäçe emeli aň (AI) tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy.

Bahalar:

  • 8/128 GB750 ýewro ýa-da 875 dollar

  • 8/256 GB810 ýewro ýa-da 945 dollar

  • 8/512 GB930 ýewro ýa-da 1085 dollar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo