«Samsung» täze «Mini LED» telewizorlaryny tanyşdyrdy

MilliInfo

9 minut öň

«Samsung» kompaniýasy 2026-njy ýylyň täze emeli aň mümkinçiliklerine, ýokary şekil ukybyna we uly ekran ölçeglerine esaslanýan «Mini LED» telewizorlar toplumyny hödürledi.

Täze seriýa ekranynyň ölçegi 43 dýuýmdan 100 dýuýma çenli bolan modelleri öz içine alýar. Täze telewizorlaryň başlangyç bahasy Hindistanda, takmynan, 450 dollar möçberinde bellenildi.

Telewizorlar inçe metal gabarasy we örän dar korpusy bilen tapawutlanýan firmanyň özboluşly «MetalStream» dizaýnyna eýe boldy. Telewizorlaryň esasyny kiçeldilen swetodiodly «Mini LED» yzky ýagtylandyryş ulgamy düzýär. Bu tehnologiýa ýagtylygy has takyk dolandyrmaga, kontrastlylygy gowulandyrmaga we has düýpli gara reňki üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa filmleri, sport bäsleşiklerini we striming mazmunlaryny has ýokary hilde tomaşa etmek üçin «Pure Spectrum Color», «Color Booster» we «Mini LED HDR» ýaly tehnologiýalar ornaşdyryldy.


Şekilleri gaýtadan işlemek işini düzüminde 20 sany neýrotory jemleýän «NQ4 AI Gen2» platformasy ýerine ýetirýär. Bu neýrotorlar şekiliň ölçeglerini ulaltmak, şekil sazlamalaryny awtomatiki uýgunlaşdyrmak we sesi optimizirlemek üçin ulanylýar. Oýun muşdaklary üçin bolsa dinamiki sahnalaryň bökdençsizligini üpjün edýän we şekiliň bulanyklanmagyny peseldýän 144 Gs ýygylykly «Motion Xcelerator» goldawy göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle-de, ulanyjylara 150-den gowrak mugt kanaly bolan «Samsung TV Plus hyzmaty», «SmartThings», «AirPlay», «Alexa» we «Google Assistant» ýaly akylly funksiýalar elýeterlidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info