«Samsung» türgenler üçin täze «olimpiýa» smartfonyny — «Galaxy Z Flip7» modelini hödürledi

MilliInfo

28 Ýanwar, 2026

«Samsung Electronics» kompaniýasy 2026-njy ýylyň fewral we mart aýlarynda Italiýanyň Milan hem Kortina şäherlerinde geçiriljek gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler üçin ýörite taýýarlanan «Galaxy Z Flip7» smartfonynyň nusgasyny tanyşdyrdy. Eksklýuziw smartfon dünýäniň takmynan 90 döwletinden geljek 3800-e golaý olimpiýaçylara we paralimpiýaçylara sowgat berler.

«Galaxy Z Flip7-niň» «olimpiýa» görnüşi özüniň özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar. Smartfonyň daşky görnüşinde Italiýanyň nyşany bolan asman reňki bilen ýeňiş öwüşginini berýän altyn reňkli çarçuwa (ramkasy) utgaşdyrylypdyr.

Türgenleriň amatlylygy üçin smartfona ýörite «Galaxy Athlete Card» goşundysy gurnaldy. Bu programma türgenlere özara maglumatyny, akkaundyny paýlaşmaga, sanly kartlary ýygnamaga we dürli interaktiw çärelere gatnaşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, her bir smartfon altyn lawr ýapraklary bilen bezelen dury magnit gaby hem-de gyşky dizaýndaky diwar suratlary bilen üpjün edildi.

«Galaxy Z Flip7 Olympic Edition» smartfonlary 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap, olimpiýa obajyklarynda paýlanyp başlanar. «Samsung» kompaniýasy enjamlary işe girizmek, maglumatlary täze telefona geçirmek we ýüze çykyp biljek tehniki meseleleri çözmek üçin ýörite hünärmen kömegini hem ýerinde gurnar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info