«Samsung Electronics» «CES 2026-nyň» öňüsyrasynda (6—9-njy ýanwar) Las-Wegasdaky «Wynn» myhmanhanasynda geçiriljek «The First Look» çäresinde 130 dýuýmlyk «Micro RGB» telewizoryny tanyşdyrar.
«Samsung Electronics» öň 2026-njy ýyldaky «Micro RGB» telewizorlarynyň toplumyny tanyşdyrypdy, onuň diagonal ölçegi 115 dýuým, ýagny 2025-nji ýyldaky model bilen birmeňzeş bolar. Bu tanyşdyryş çäresinde 130 dýuýmlyk nusga barada agzalmady.
Geljekki 130 dýuýmlyk flagman modelinde «Samsung Electronics» kompaniýasynyň täze nesil LED telewizorlardaky tehnologik başarnyklaryny görkezmegine garaşylýar.

Bu ugur «Samsung» kompaniýasynyň 100 mikrondan kiçi ölçegli garaşsyz yşyklandyrylýan gyzyl, ýaşyl we gök LED-leri ulanýan «Micro RGB» displeý tehnologiýasyna esaslanýar. Bu gurluş adaty LED panellerine garanyňda takyk ýagtylyk gözegçiligini we ajaýyp reňk görkezişini üpjün edýär.