2026-njy ýylyň iň amatly «iPhone» modeli: «Apple» ýakyn günlerde «iPhone 17e-niň» önümçiligine başlar

MilliInfo

7 Ýanwar, 2026

2026-njy ýylda «Apple» kompaniýasynyň hödürlejek ilkinji bahasy boýunça iň amatly smartfonynyň «iPhone 17e» bolmagyna garaşylýar. Enjamyň köpçülikleýin önümçiliginiň «CES» sergisinden soň (9-njy ýanwardan soň) dessine başlanjakdygy habar berilýär.

Deslapky maglumatlara görä, täze model daşky görnüşi boýunça «iPhone 16e-den» kän tapawutlanmaz, emma onda «çelka» diýlip atlandyrylýan ekranyň ýokarky gara zolagynyň deregine «Dynamic Island» kesigi bolan 6,1 dýuýmlyk OLED ekrany ornaşdyrylar. Tehnologiýanyň apparat platformasynyň esasyny «A19» prosessorynyň (SoC) birneme ýönekeýleşdirilen görnüşi düzer (bu edil «iPhone 16e-niň» «Apple A18» prosessorynyň peseldilen görnüşi bilen üpjün edilişi ýalydyr). Şeýle hem, «iPhone 17e» modeliniň «Apple» kompaniýasynyň hususy «5G Apple C1» modemi bilen geljekdigi bellenilýär.

Smartfonyň bahasynyň 600 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar, emma bu nusgada smartfonyň ýadynyň başlangyç göwrüminiň 256 GB çenli ýokarlanyp biljekdigi mälim edilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info