Türkmen futbolunyň taryhynda iň çalt geçirilen gol hasaba alyndy

MilliInfo

23 Oktýabr, 2025

Futbol boýunça Ýokary liganyň, ýaşlar ligasynyň, Kubok bäsleşiginiň taryhynda derwezä geçirilen iň çalt gol ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda hasaba alyndy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Şagadamyň» ýaşlar düzümi «Merw II» toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu duşuşykdaky esasy waka duşuşygyň 1-nji minutynda bolup geçdi. Şol pursat topy meýdanyň orta gürpünden meýdana girizen «Merw II» toparynyň oýunçysy Muhammet Allaberdiýewiň urgusy Mary şäheriniň toparynyň öňe saýlanmagyna mümkinçilik berdi. Gol geçirilen pursatda oýnuň 4-nji sekundy dowam edýärdi.

Geçirilen bu taryhy gol ýurdumyzyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän ähli ýaryşlardaky iň çalt geçirilen top hökmünde hasaba alyndy.

Bu oýunça netijeli çykyş eden «Şagadam II» toparynyň garşydaşyndan 3:2 hasabynda üstün çykandygyny bellemek gerek.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo