Satuwa çykarylan ilkinji gününde «Honor X80 Pro Max» enjamynyň 45 000-den gowrak nusgasy satyldy. Bu görkeziji ony soňky döwürde orta we pes baha aralygyndaky iň şowly telefonlaryň birine öwürdi.
Mundan öň, «Honor» kompaniýasynyň önüm dolandyryjysy Pen Ýe «Honor X80 Pro Max» modeliniň satuwdaky üstünlikleri baradaky maglumatlar bilen paýlaşyp, bu enjamyň 2026-njy ýylda täze Android ulgamly smartfonlaryň arasynda satuwyň ilkinji gününde iň ýokary netije görkezendigini mälim etdi.
Täze modeliň esasy aýratynlygy 11 000 mAs sygymly akkumulýator batareýasydyr. Ol 90 Wt güýjündäki simli çalt energiýa beriş ulgamyny we 27 Wt çenli yzyna (reverse) zarýad bermek mümkinçiligini goldaýar. Öndürijiniň tassyklamagyna görä, enjam energiýa bermezden, 26 sagatdan gowrak arakesmesiz göni ýaýlym berip, rekord derejeli dowamlylygy üpjün etdi.
Ýat derejesinde 8-den 12 GB çenli operatiw ýat we 512 GB çenli içki ýat görnüşleri, şeýle hem sygymy boýunça dört dürli toplum hödürlenýär.
Goşmaça hökmünde bellesek, smartfon optiki durnuklaşdyryjy ulgamy bolan 50 Mp esasy kamera, 8 Mp öňdäki kamera, şeýle hem NFC, infragyzyl port we stereodinamikler ýaly tehniki aýratynlyklar bilen enjamlaşdyrylandyr.
