Sanae Takaiti Ýaponiýanyň ilkinji zenan Premýer-ministri bolar

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

Öňki ykdysady howpsuzlyk ministri Sanae Takaiti Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň täze başlygy wezipesine saýlandy. Dalaşgärliginiň Parlament tarapyndan tassyklanmagy bilen onuň ýurduň premýer-ministri wezipesini eýelejekdigi «The Japan Times» tarapyndan habar berildi.

Takaiti bar bolan 341 sesiň 185-sini gazandy. Onuň garşydaşy — ozalky premýer Dýunitiro Koidzuminiň ogly Siznziro Koidzumi 156 ses toplamagyň hötdesinden geldi.

Şunlukda, Takaiti birinji zenan-premýer hökmünde ýurduň taryhyna girer. Syýasatçy häzir 64 ýaşynda.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info