Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi, iki gezek Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki (11.11.2025ý) sanynda habar berildi.
Bu waka golaýda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň çäginde bolup geçdi.

Şonuň ýaly-da, ussat heýkeltaraşyň eserleri TÜRKSOÝ tarapyndan Stambul şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türki dünýäniň nakgaşlarynyň sergisinde görkezildi. Halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalygyna saýlanmagy türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi, suratkeş Gahryman Goçmyradowa Habarçy agza ady berildi.