Sarahs etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

MilliInfo

2 Sentýabr, 2026

Sarahs etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

11-nji sentýabrda  Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär. Ol etrabyň S.A.Nyýazow köçesiniň 41-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00 — 12:00 aralygynda guralýar.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärä özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.

Habarlaşmak üçin:

800134-22-0-71

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info