Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy milli däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda giňden bellenildi. Şu mübärek günlerde Saud Arabystany Patyşalygynda yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzyny berjaý edýän ildeşlerimiz keramatly toprakda gurbanlyk sadakasyny berdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, şu ýyl hem watandaşlarymyzyň uly topary musulman dünýäsinden zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym edip, beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolmaga mümkinçilik aldylar. Haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap iş bolman, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir hem-de mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr. Yslam dünýäsiniň keramatly ýerlerine zyýarat etmek tämiz ruhy-ahlak gözelliklerine, ynsanperwer ýörelgelere eýermegiň nusgasydyr. Ol milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen nurana ýörelgelerimiziň häzirki wagtda has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar, halkymyzy oňyn maksatlara ruhlandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýar.
Mübärek günlerde Saud Arabystany Patyşalygynda haj parzyny berjaý edýän ildeşlerimiz şeýle asylly işleri ýokary derejede amal etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler. Bu ýerde hödürlenen tagamlardan dadan zyýaratçylar hajy Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy üçin dileg etdiler. Soňra aýat-töwir okalyp, asylly işleriň amala aşyrylýan, ýagşy dilegleriň kabul bolýan aýynda beýik işleriň mundan beýläk-de dowamat-dowam bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegi dileg edildi.