Saud Arabystany dünýädäki iň üýtgeşik dag lyžasy şypahanasynyň nähili boljakdygyny görkezdi. Geljekdäki «Trojena» toplumynyň ilkinji suratlary «Neom» saýtynda (ýurduň demirgazyk-günbatarynda syýahatçylyk şäheri üçin taslama) ýerleşdirildi. Şunlukda, birnäçe ýyldan soň Pars aýlagynda ilkinji «dünýä derejesindäki meşhur ýer» boljak toplumyň çäginde lyžada typmak mümkin bolar.

«Trojena» 2026-njy ýylda gurlar, şonuň üçin hem, ol Saud Arabystanynda 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryndan öň synag edilip bilner. Ýaryş üçin esasy sport meýdançalarynyň biri hem geljekki lyža şypahanasy bolar. Akaba aýlagynyň kenaryndan 50 km uzaklykda — Saud Arabystanynyň iň beýik depeleriniň birinde ýerleşýän sebitde (deňiz derejesinden takmynan 2600 metr belentlikde) d]rediljek toplum 60 inedördül kilometre çenli meýdany eýelär. Taslamanyň saýtynda aýdylyşy ýaly, gyşda bu ýerde howanyň temperaturasy noldan hem aşak düşýär, galyberse-de, ajaýyp künjek arassa howasy we ajaýyp görnüşleri bilen tapawutlanar.
«Trojena» toplumyň belli maksatlary üçin döredilen alty iş meýdanyndan ybarat bolar. Ol Alp stilindäki desgalar we beýleki binalar bilen wertikal oba görnüşinde gurulýar. Şypahana zolagynyň çägindäki myhmanhanalar emeli süýji suwly kölüň gapdalynda ýerleşer.

«Trojena» eňňitlerinde iň oňat halkara ülňülerine laýyklykda işlenip düzülen dürli kynçylyk derejesindäki lyža ugurlary bolar. Şol bir wagtyň özünde hem, Gyzyl deňziň görnüşlerinden, Saud Arabystanynyň dag gerişleriniň gözelliklerinden we çölüň altyn çäge depelerinden lezzet almak bütin ýylyň dowamynda mümkin bolar.
Taslama dükanlaryň, konsert zallarynyň, restoranlaryň gurluşygyny öz içine alýar. Bu ýerde diňe bir sport çärelerini däl, eýsem, ýeňil şüweleňleri, dünýäniň pop ýyldyzlarynyň konsertlerini, film festiwallaryny hem geçirmek meýilleşdirilýär. Myhmanlar lyžada typmakdan başga-da, dag tigirlerine münerler, konkide typarlar hem-de suw sporty bilen meşgullanarlar.

Ýurduň häkimiýeti 2030-njy ýyla çenli «Trojenanyň» 700 müň myhmany kabul etmegine garaşýar we 3 milliard saud rialyny (800 million dollardan gowrak) ýurduň býujetine getirjekdigini çaklaýar. Hyzmat ediş işgärleri üçin 10 müň iş ýeri dörediler. «Daily Mail» tarapyndan berlen habarda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salmanyň patyşalygyň ilkinji lyža kurortyny gurmak meýilnamasyny 2022-nji ýylyň martynda yglan edendigini beýan edilýär.
Şondan öň başga bir ajaýyp taslamanyň gurluşygynyň başlanandygy belli bolupdy. Awstraliýanyň «Storylines» startapy «MV Narrative» syýahat superlaýnerini döretmek boýunça işe başlapdy. Bu tehnologiýa açyk deňizde ýaşamak isleýänler üçin otaglary özünde jemlär. Gäminiň 2025-nji ýylda yzygiderli syýahatlara çykmagyna garaşylýar.