Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy

MilliInfo

Şu gün — 31-nji martda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ynsanperwer ýüküni gowşurmak çäresi geçirildi. Şeýlelikde, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 25 tonna ýokary hilli hurma sowgat edildi. Asylly däbe öwrülen bu çäre Patyşalygyň dostlukly döwletleri goldamak boýunça halkara maksatnamasynyň bir bölegidir.

Resmi çärä Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Amer bin Ali Al-Şehri, şeýle hem Patyşa Salman adyndaky ynsanperwer kömek we goldaw merkeziniň wekili jenap Osman bin Raşid Al-Raşid gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gepleşikleri we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda şeýle asylly işleriň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Dabara wagtynda bu sowgat üçin Saud Arabystanynyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi we şeýle möhüm ädimiň iki halkyň arasyndaky berk doganlyk hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklarynyň nyşanydygy bellenildi.

Şeýle hem Saud tarapynyň Türkmenistanyň raýatlaryna mukaddes ýerlere haj we umra zyýaratlaryny amala aşyrýan döwründe ähli zerur şertleri we oňaýlyklary döredip, görkezýän myhmansöýerligi hem-de guramaçylygyň ýokary derejesi üçin aýratyn minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info