Şu gün — 18-nji fewralda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda Iki mukaddesligiň hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine 5 tonna hurmany sowgat bermek dabarasy boldy.
Resmi çärä ilçihananyň maslahatçysy, diplomatik wekilhananyň baştutanynyň orunbasary jenap Naif bin Saud Al-Sahli, Patyşalygyň Yslam işleri, çagyryş we wagyz-nesihat ministrliginiň wekili jenap Talal Al-Maliki, şeýle hem Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bu asylly başlangyç üçin Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Şeýle çäreleriň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we ruhy doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýändigi, döwletara gepleşikleriň ýokary derejesiniň subutnamasydygy bellenildi.
Türkmen tarapy her ýyl yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine Haj parzyny berjaý etmäge gidýän türkmen zyýaratçylary üçin döredilýän ýokary derejeli şertler we köpugurly goldawlar üçin aýratyn sagbolsun aýtdy.
Bu dabara iki ýurduň özara hormat goýmaga we umumy medeni gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklady.