Aşgabatda ilkinji gezek «Anime simfoniýasy» geçirildi. Bu täsin konsertde ýaňlanan saz eserleri Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi.
1-nji fewralda ýurdumyzyň Mukamlar köşgünde meşhur anime filmleriniň we seriallarynyň saundtrekleri — bu žanryň millionlarça muşdaklary tarapyndan söýlüp diňlenilýän owazlarу ýaňlandy. Ähli saz eserleri degişli filmlerden pursatlaryň görkezilmegi bilen utgaşdyryldy. Bu bolsa tomaşaçylara meşhur eserleriň özboluşly dünýäsine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik döretdi.
«Türkmenistanda anime muşdaklary gaty köp we bu meni täze döredijilige ylhamlandyrdy. Tomaşaçylar, aýratyn-da, ýaşlar bizden şeýle konserti guramagy köp gezek haýyş etdiler» diýip, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Resul Gylyjow belledi.