Saýlawlaryň bosagasynda: dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär

MilliInfo

Şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda açyklyk esasynda, ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeň gatnaşmaklarynda 29-njy martda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny öz içine alýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar döwletimiziň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi bolar.

Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanan degişli meýilnama laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň degişli komitetleri hem-de raýatlar toparlary gatnaşýarlar. Saýlaw gününe çenli 25 ýaşy dolýan, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenip bilinýändigini, ýerli halk maslahatlaryna we Geňeş agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 21 ýaşy dolan hem-de degişli çäkde hemişelik ýaşaýan raýatlar bolmalydygyny bellemek gerek.

Geçirilýän ýygnaklarda zähmeti bilen Watana wepalylygyny subut eden, ilat arasynda uly hormata eýe bolan mynasyp raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär. Çykyş edýänler dalaşgärleriň hünär ussatlygyny, guramaçylyk başarnyklaryny, ýokary ruhy-ahlak häsiýetlerini belläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar. Giň wekilçilik ýörelgesiniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Her bir saýlaw okrugyna birnäçe dalaşgäriň hödürlenilmegi saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we adam hukuklary çygrynda umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçiriljekdigini subut edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info