Fransiýanyň milli ýygyndysy Zinedin Zidananyň ýolbaşçylygynda ikinji duşuşygyny geçirdi. Türkiýäniň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda kynçylyk bilen üstün çykandan topar Milletler ligasynyň 2-nji tapgyrynda Belgiýanyň ýygyndysynyň futbol meýdanynda myhman boldy. Duşuşyk Brýusselde ýerleşýän Korol Bodueni stadionynda geçirildi.
Duşuşyk fransuzlaryň kiçi hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. 88-nji minutda Maýkl Olise duşuşykdaky ýeke-täk goly geçirip, Fransiýa ýeňiş getirdi.
«Real Madrid» toparynyň we Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe duşuşyga gatnaşmady. Ol ozal şikes sebäpli milli ýygyndynyň düzümine goşulmandy.
Milletler ligasynyň indiki tapgyrynda Belgiýa öz meýdançasynda Türkiýäni kabul eder. Fransiýa bolsa öz meýdançasynda Italiýa garşy duşuşar. Iki oýun hem 2-nji oktýabrda geçiriler.
