Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Milli ýygyndymyza tälim berýän Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän türgenleşikler her gün iki wagtyna alnyp barylýar. Bu taýýarlyk duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Saýlama tapgyrda «D» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda 12 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Şol sanda Tailandyň milli ýygyndysy hem 12 utuk toplady, emma goşmaça görkezijiler boýunça ýygyndy toparymyz öňdäki orunda barýar. Ýygyndy toparlaryň arasynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen birinji duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başarypdy.
Toparçada 6 utuk toplan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy üçünji orny eýeleýär, utuk gazanyp bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysy bolsa dördünji orunda barýar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň soňky — 6-njy duşuşygyny 2026-njy ýylyň 31-nji martynda myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.
Ýeri gelende bellesek, saýlama oýunlaryň çägindäki alty toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy–2027-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.