Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda Aşgabatda milli ýygyndynyň düzümini kesgitlemek işleri tamamlanýar. Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçiriljek öňümizdäki çempionatda gazanyljak ýeňiş türkmen ýygyndysyna halkara derejesinde uly öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer.
Üçünji diwizionyň güýçli toparçasyndaky oýunlar 13-19-njy aprel aralygynda geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi öz ýaryş derejesini ýokarlandyrmaga hukuk gazanar. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşyň ýer eýesi bolan Günorta Afrika Respublikasynyň, şeýle hem Meksikanyň, Türkiýäniň, Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndylary hem-de bu toparçanyň derejesi boýunça güýçli garşydaş bolan Tailandyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Ýaryşyň ýeňijisi bolan toparyň hokkeýçileri altyn medallara mynasyp bolarlar we ikinji diwiziona geçmäge mümkinçilik alarlar.
Dünýä çempionatynyň öňüsyrasyndaky iki hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda tälimçiler türgenlerden ýokary depginde türgenleşmegi talap edýärler. Häzirki wagtda topar taktiki usullary kämilleşdirýär we oýunçylaryň özara sazlaşygyny gazanýar. Şunuň bilen birlikde, şaýbany geçirmek we derwezä urgy etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
«Biziň düzümimizde diňe türkmen hokkeý mekdebiniň uçurumlary oýnaýarlar. Biz Keýptauna diňe netije üçin barýarys. Afrikanyň buzly meýdançasyna öwrenişmek üçin biziň diňe birnäçe günümiz bolar. Şeýle hem uzak ýoly söküp geçmeli bolarys» diýip, Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany Aman Annanyýazow belledi.
Türkmenistanyň ýygyndysy ilki bilen Stambula, şol ýerden bolsa Keýptauna ugrar. Bu bolsa 10 müň kilometrden gowrak aralykdyr. Ýol umumylykda bir gije-gündiz dowam eder, emma ýygyndymyzyň öňünde belent maksat — ikinji diwiziona geçmek wezipesi durýar.
Ýatladyp geçsek, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda altyn medal gazanmagy başarypdy.